Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde netijeli işlere badalga berilýär. Hormatly Prezidentimiz bu möhüm ulgamyň işini döwrebaplaşdyrmak bilen bagtyýar ertirimiziň aladasyny edýär. Sebäbi, abadan geljegimiz şu günki ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň derejesine bagly. Şonuň üçinem döwlet Baştutanymyzyň milli bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary barha rowaçlyga beslenýär.
Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmakda möhüm ädim boldy. Okuwçylary okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi öz içine köp zatlary alýar. Bu ugurda käbir usullary ýatlap geçeliň. Şu meselede ýaş nesle bilim bermegiň innowasion usullarynyň giňden ornaşdyrylmagy uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem mugallymlaryň döredijilikli başarnyklaryny hem-de ussatlyklaryny ýokarlandyrmaklary okuwçylara durnukly bilim we mynasyp terbiýe bermeklerinde gowy netijeleriň gazanylmagyna ýardam edýär. Aslynda, mugallymyň öz-özüni kämilleşdirmegi, yzygiderli öwrenip, hünär ussatlygyny ýokarlandyrmagy bähbitli usuldyr. Çünki, mugallymyň yzygiderli kämilleşmegi okuwçylara bilim-terbiýe bermegiň hilini düýpli ýokarlandyrmaga, sapaklary has täsirli geçirmäge we ýaş nesle ynamly bilim bermegine oňyn täsirini ýetirýär.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň bilim ulgamyny özgertmekde amala aşyrylýan tagallalar ajap eýýamymyzyň mynasyp neslini kemala getirmäge ýardam edýär. Şeýle bähbitli işler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda uly üstünliklere beslenýär.
Keýik HEKGIÝEWA.








