Tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň saglygyny goramak, ynsan ömrüni uzaltmak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, sagdyn durmuş kadalaryny düzgünleşdirmek üçin ýurdumyzda ähli zerur şertler döredilýär. Golaýda bu meselä bagyşlanyp, welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat, şäher, etrap, komitetleriniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň 17-nji jildiniň we “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Täsirli geçen maslahatda TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew, welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýusup Annaýew, TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew, Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy, TDP-niň welaýat komitetiniň ýanyndaky wagyz-nesihat toparynyň agzasy Muhammetmyrat Allakulyýew, welaýat kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Maýsa Berdigulyýewa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher paýhasyndan dörän eserleriniň ähmiýeti barada durup geçdiler. Şonuň bilen birlikde täze kitaplaryň giň jemgyýetçilik, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin gymmatly hazyna bolup hyzmat edýändigi nygtaldy. Dabarada syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek we durmuşa ornaşdyrmak boýunça öňde durýan wezipeler barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar Milli Liderimiziň täze kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler. Halkymyzyň sagdyn bedenli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin yzygiderli aladalanýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ogulşat BERKELIÝEWA.








