Mary welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti döredijilik zehininden joşup çykan we halkymyzyň kitap hazynasyny baýlaşdyran “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 17-nji jiltiniň hem-de “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Mary welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullygynyň mejlisler jaýynda geçirilen bu tanyşdyrylyş dabarasyna Mary welaýatynyň saglyk ulgamynda zähmet çekýän eli ýeňil lukmanlar gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 17-nji jiltiniň hem-de “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly täze kitabynyň halkymyzyň eline gowuşmagy eli ýeňil lukmanlara uly sowgat bolandygy barada gutlaglar aýdylyp, Gahryman Arkadagymyzyň aň – paýhasa ýugrulan ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagy, döredijilik galamynyň ýiti bolmagyny dabara gatnaşanlar arzuw etdiler. Şeýle hem dabarada çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 17-nji jildinde giňden beýan edilen ot-çöpleriň dermanlyk häsiýeti, adamlarda gabat gelýän dürli dertleri bejermekdäki ähmiýeti dogrusynda hem-de türkmen topragynda ýetişdirilýän ir-iýmişlerden we dermanlyk ösümliklerden melhemleriň taýýarlanylyşy barada, şeýle hem “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabynda ýurdumyzyň saglyk ulgamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda häzirki wagta çenli alyp barylan we ýene geljekde edilmeli işler dogrusynda giňişleýin beýan edilendigi barada hem gürrüň etdiler we Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän bu ylmy eserleriň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin uly gollanma boljakdygyny buýsanç bilen bellediler. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler şeýle ajaýyp kitaplary halkymyza peşgeş beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözleri aýtdylar.
Göwher Ataýewa








