Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşiniň bilelikde gurnamagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowgat beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy ensiklopedik kitabynyň 17-nji jiltiniň hem-de “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyryş dabarasynda çykyş eden adamlar Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň lukmançylyk ylmyny ösdürmäge uly goşandynyň bardygyny belläp, bu ylmy neşirde tebigat ösümlikleriniň dermanlyk häsiýetleri, ynsan saglygyny berkitmekdäki uly ähmiýeti barada täsirli maglumatlar berilýär – diýip, aýratyn nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabynda bolsa ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylan özgertmeler. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyza edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny dünýä derejelerine ýetirmekde durmuşa geçirilýän işler dogrusynda söhbet edilýär. “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy we maksatnamanyň çäginde bu ulgamda gazanylan üstünlikler we belent sepgitler hakynda giňişleýin durlup geçilýär – diýip, tanyşdyryş dabarasynda çykyş edenler bellediler. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde amala aşyrýan uly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Çarymuhammet Saparow.








