Ýakynda Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginiň Akýap obasynda 320 orunlyk çagalar bagy açylyp, ulanylmaga berildi. Welaýatyň häkiminiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň, bilim işgärleriniň, oba ilatynyň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berlen çagalar bagynda giň mümkinçilikleriň döredilmegi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesil hakynda uly alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Ir säher bilen täze çagalar bagynyň öňündäki meýdançada açylyş dabarasy bolup, onda etrabyň 3-nji, 4-nji çagalar baglarynyň hem-de Mary şäherindäki “Joşgun”, “Altyn nesil” çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çagalary tans edip, joşgunly aýdym aýtdylar. Şatlyk-şowhuna beslenen dabara oňa gatnaşanlarda ýakymly ýatlamalary galdyrdy.
Ajaýyp dabarada welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, etrabyň ýaşaýjysy, mährem ene Jumagözel Seýtliýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Tirkişmyrat Ýomudow, welaýat baş bilim müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Atageldi Annaseýidow gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Olar obanyň ilatyny täze gurlup, ulanylmaga berlen çagalar bagynyň açylmagy bilen gutlap, ýaş nesilleriň oňat bilim hem terbiýe almagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Soňra ýaşuly nesliň wekilleri we dabara gatnaşan myhmanlar toý bagyny kesdiler we döwrebap çagalar bagynyň içine aýlanyp gördüler. Ol ýerde çagalaryň oňat dynç almagy, bilim hem terbiýe almagy üçin döredilen giň şertler bilen tanyş boldular hem-de çagalaryň çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Sülgün ŞADYÝEWA.








