Mary lukmançylyk orta okuw mekdebinde geçirilen wagyz-nesihat çäresi hem çuň manyly çykyşlara baý boldy. Bu wagyz-nesihat çäresinde çykyş eden welaýatyň hukuk goraýjy edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan ösüşler we üstünlikler, şeýle hem ýaşlar bilen bagly kada-kanunlaryň doly we dogry berjaý edilmelidigi dogrusynda durup geçdiler. Ynsan saglygyna zeper ýetirýän zyýanly serişdeler we olary sagdyn jemgyýetimizde ýok etmeklige garşy köpçülikleýin alnyp barylýan işler dogrusyndaky gürrüňler hem wagyz-nesihat çäresiniň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Bu ýerde çykyş edenler ahlaklylyk, dogruçyllyk, halallyk we zähmetsöýerlilik ýaly ynsana mahsus bolan ajaýyp gyzlyk häsiýetler barada hem aýdyp, ýaşlara ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny, il-güne gerekli, Watana wepaly, hünärine ökde ýaşlar bolmaklaryny öwran-öwran nygtadylar.
Merjen Çaryýarowa.








