Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň hem-de Mary welaýat Baş Bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlyga bagyşlanyp wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebinde geçirilen bu çärä Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçilik bölüminiň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, mugallymlar we mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Bu çärede çykyş edenler mekdep okuwçylaryna Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň belent ösüşleri barada belläp geçmek bilen, nurana we aýdyň ýollarymyzyň asudalygyny goramakda, ýol-ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüni almakda alnyp barylýan netijeli we giň göwrümli işler dogrusynda, ýol hereketiniň düzgünlerini pugta berjaý etmelidiklerini düşündirdiler. Şeýle-de ýaşlaryň ahlak taýdan arassa, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolup jemgyýetimize gerekli, watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini nygtadylar.
Dursun Ilbegiýewa.








