Ýakynda TDEI-de Türkmenistanyň Içeri işler, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, TDP-niň Syýasy Geňeşiniň, TKA-nyň Milli Merkeziniň, TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň meýilnamasyna laýyklykda talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa institutyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Täze ýyl baýramçylygynyň uly ruhubelentlige beslenip bellenilýän günlerinde talyp ýaşlaryň geçirilýän baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşmaklaryny, okuw derslerini kämil özleşdirmeklerini, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini, ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmeklerini gazanmaga gönükdirilen bu duşuşyk örän täsirli geçdi. Çykyş edenler talyp ýaşlarda ata Watanymyza, BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk derejämize, döwlet nyşanlarymyza bolan guwanjy, buýsanjy has-da artdyrmakda alnyp barylýan işler barada durup geçdiler.
Duşuşyga gatnaşanlar ýaşlarymyza okamaga, hünär öwrenmäge, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Myrat ATAÝEW.








