Ýakynda welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň, şeýle-de şäherdäki edara-kärhanalaryň ilkinji ýaşlar guramalarynyň başlyklarynyň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda gezelenç guraldy. Gezelenç oňa gatnaşanlar üçin has-da täsirli boldy.
«Milli gymmatlyklarymyz — ýaş nesillerimize nusgalyk mekdep» ady bilen guralan gezelençde ýaşlar türkmen halkynyň taryhy geçmişi, oba durmuşy, gymmatly hem taryhy eksponatlaryň ähmiýeti bilen içgin tanyş boldular. Olar bu ýerde taryhymyza syýahat etdiler. Muzeýiň ylmy işgäriniň beren täsirli gürrüňi bolsa ýaşlarda aýratyn gyzyklanma döretdi.
Annagözel SARYÝEWA.








