Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sporty ösdürmek, ony dünýä derejesine çykarmak barada edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda bu ugurda birnäçe işler alnyp barylýar hem-de ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin dürli görnüşli sport ýaryşlary yzygiderli gurnalýar.
Mary welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Baýramaly şäher komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän 8 – nji sport mekdebinde sportyň Taekwon-do ITF görnüşi boýunça Mary welaýatynyň çempionaty geçirilip ol ýaryşlar özüniň netijeliligi bilen tapawutlandy.
Ýetginjek türgenleriň arasynda geçirilen sport ýaryşynda türgenler sportuň ITF Taekwon-do görnüşi boýunça özara bäsleşdiler. Sportuň bu ugry boýunça ussat tälimçilerden tälim alýan ýetginjek türgenler bäsleşikde öz ussatlyklaryny açyp görkezdiler. Dartgynly ýagdaýda geçen ýaryşda has erjellik görkezen türgenler ýeňiş gazandylar.
Maýa Annadurdyýewa.