Şahyr Annageldi Källiýew çeper döredijilik bilen mekdep okuwçysy döwründen bäri meşgullanyp gelýär. Şu geçen uzak ýyllaryň dowamynda ol goşgy ýazmagyň abyny-tabyny ele aldy. Bu günki günde onuň goşgulary metbugatda, ýurdumyzda neşir edilýän edebi ýygyndylarda yzygiderli çap edilýär.
Annageldi Källiýewiň döredijilik örüsi giň. Ol aýratynam, Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan beýik üstünliklerini, halkymyzy, gözel tebigatymyzy , mukaddes söýgini wasp etmekde ezber işleýär. Onuň goşgularynyň 70-den gowragy aýdyma öwrüldi we olar häli-şindi efirde ýaňlanyp dur.
A. Källiýew Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesidir, şeýle hem ol Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisidir. Şahyr Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belent ruh bilen döredýär.
Bizem 65 ýaşyň depesine çykan kärdeşimize täze-täze üstünlikleri arzuw edýäris.
REDAKSIÝA.
UZAK ÝAŞAŇ, SIZ!
Baky bagty peşgeş berip halkyna,
Ýurdumyz besleýip nurly ýalkyma,
Şan-şöhrat getirýän il-gün bagtyna,
Gahryman Arkadag, uzak ýaşaň, Siz!
Arkadagly Serdarymyz, uzak ýaşaň, Siz!
Üstünlikler ýar bolansoň Diýara,
Garaşsyz döwletim döndi gülzara,
Siziň bilen nur çaýyldy ykbala,
Gahryman Arkadag, uzak ýaşaň, Siz!
Arkadagly Serdarymyz, uzak ýaşaň, Siz!
Tugumyz parlaýar Arşyň deňinde,
Owazly aýdymlar şirwan heňinde,
Ýaňlanyp dur ýüreklerde, köňülde,
Gahryman Arkadag, uzak ýaşaň, Siz!
Arkadagly Serdarymyz, uzak ýaşaň, Siz!
Haýran edýär giň älemi, dünýäni,
Watanmyz asuda, berkdir binýady,
Baky Bitaraplyk göwünleň şady,
Gahryman Arkadag, uzak ýaşaň, Siz!
Arkadagly Serdarymyz, uzak ýaşaň, Siz!
ARKADAG
Parasadyň bilen, paýhasyň bilen,
Ýürekleriň töründe Siz, Arkadag!
Gülgün sähralaryň maýsasy bilen,
Millionlaryň serinde Siz, Arkadag!
Jan Watanym, jana melhem otlaryň,
Başyň gökde, juda çuňda kökleriň,
Bagta alyp barýan uçýan atlaryň,
Ganatynda, perinde Siz, Arkadag!
Jöwher zehiniňiz möwji müň derýaň,
Ýag ýaly ýakymly ýürege barýar,
Her sözüňiz köňle dermandyr-derman,
Aýdymlaryň heňinde Siz, Arkadag!
Ýaşaýarys beýik aladaň duýup,
Datly durmuşyňy, il-günüň söýüp,
Watan beýik, işleň beýik, il beýik,
Işleň beýik ýerinde Siz, Arkadag!
Güýçlendirip ýurduň bedew deý badyn,
Dünýä äşgär edýäň Watan şöhratyn,
Asmana göterip köňülleň şadyn,
Gökde — Arşyň deňinde Siz, Arkadag!
AŇLA, DILBER!
Jilwe taşlap, gaşyň kakyp,
Aşyk göwnüm awla, dilber!
Yşkyň alawyna ýakyp,
Jigerimi dagla, dilber!
Aý dek nurly ýüzler bilen,
Jellat gara gözler bilen,
Kereşmeli näzler bilen,
Ýüpsüz güýlüp bagla, dilber!
Ýüzüm goýsam alkymyňa,
Gark et lebiň bal suwuna,
Ot deý çogly ýalkymyňa,
Çirkizip bir çawla, dilber!
Ýörişiňe owlak-jeren,
Eda bilen başyn eger,
Duýmasaň yşgymy, meger,
Şygyrymdan aňla, dilber!
UNUDYP BILMEN
Heý, keşbiň çykarmy ýatdan,
Men seni unudyp bilmen.
Sen gözelsiň ähli zatdan,
Men seni unudyp bilmen.
Saçyň, gaşyň, gözüň gara,
Sagryň gujak, biliň sere,
Hünji dişleň ogşar düre,
Men seni unudyp bilmen.
Syrdam tal dessesi boýuň,
Gül beden, gülden roýuň,
Sensiň pikrim, hyýal-oýum,
Men seni unudyp bilmen.
Ýöreýşiň bar, jeren misli,
Goýnuň gülzar belent-pesli,
Ýürek diýýär pessaý sesli:
“Men seni unudyp bilmen”.
Annageldi KÄLLIÝEW.








