Sukuba uniwersiteti bilen ylmy gözleglerde hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
weather mary 35° C Mary
weather mary 35° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Sukuba uniwersiteti bilen ylmy gözleglerde hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

203 25.03.2024

2024-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Baýramow Sukuba uniwersitetiniň wise-prezidenti we Bilelikdäki gözlegler boýunça ýerine ýetiriji direktory Kanaho Ýsunoriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Sukuba uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwrüň talabyna laýyklykda, häzirki we geljekki möhüm temalar boýunça bilelikdäki gözleg işlerini geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar ylmy gözlegler, tejribe we bilim alyşmak, şeýle hem bilelikdäki çäreleri we maslahatlary guramak ugrundaky hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler.

25
25 25.06.2025
Süýjülik  ekini  ekilýär

Gadymy Mary topragynyň hasyl ussatlary ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin uly goşant goşýarlar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary bilen täze hasyl üçin 17 müň 900 gektar meýdana gant şugundyryny ekmek boýunça şertnama baglaşyldy.  Welaýatymyzyň zähmetsöýer kärendeçileri bugdaýdan boşan meýdanlary arassalap, şüdügär sürümini geçirip, aralyk ekin hasaplanylýan gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýetişdirmegiň we goşmaça girdeji almagyň aladasy bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşan kärendeçiler tehnika, ýokary hilli tohum, mineral dökünler, ekinleriň kesellerine we zyýankeşlerine garşy himiki serişdeler bilen yzygider üpjün edilýär. Ekin meýdanlarynda işler meýilnama esasynda guramaçylykly geçirilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gant şugundyrynyň döküni, bejergini, suwy köp talap edýän ekindigine düşünýän kärendeçiler agrotehniki talaplara görä iş geçirýärler. Ekin meýdanlarynyň her gektarynyň girdejililigini artdyrmak, önüm öndürijileriň düşewündini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek biziň döwrümiziň wajyp wezipeleriniň biridir. Welaýatymyzyň kärendeçileri ak bugdaýyň, “ak altynyň”, gök-bakja, miwe önümleriniň datly hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň hakyky ussatlary. Esasy azyklyk ekin bolan gant şugundyryndan “Maryşeker” kärhanasynda senagat taýdan işlenilip, ilatyň gündelik iýmitleriniň biri bolan şeker öndürilýär. Bu aralyk ekin esasan galla hasylyndan boşan ýerlere ekilýär. Ýylyň dowamynda ýerden iki hasylyň alynmagy bolsa, her gektaryň düşewüntliligini artdyryp, daýhanyň der döküp çeken halal zähmetine görä girdejiniň bolmagyna şert döredýär. Daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen halal baýamagy üçin ähli tagallalary edýän, hemaýat-goldawlaryny gaýgyrmaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli durmuşa geçirýän tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! Sähet HOJAGELDIÝEW.

19
19 25.06.2025
Toprakdan  bereket  tapan

Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ideg etmek işi bilen birlikde ýetişdirilen gallany ýygnamak işi hem depginli alnyp barylýar. Howanyň yssylygyna garamazdan, ýygyma gatnaşýan oba hojalyk işgärleri her bir dänäni isripsiz ýygnamak ugrunda aladalanýarlar.  Garagum etrabynyň “Ak altyn” daýhan birleşiginiň gallaçylary hem ýetişdirilen hasyly irgözinden ýygnamak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçisi Batyr Orazlyýew birnäçe ýyl bäri toprak bilen iş salşyp, oňat netijeleri gazanmagy başarýar. Ol ýerine ekin dolanyşygy esasynda bugdaýdyr pagtany gezekleşdirip ekýär. Şonuň netijesinde topragyň gurplulygyny artdyrýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem 4 gektar ýerinde dok maňyz bugdaýy ýetişdirdi. Ýygym möwsüminde ilkinjileriň hatarynda ýetişdiren hasylyny ýygnamak bilen ýokary netije gazanýar. Tejribeli kärendeçiniň bereketli hasyl almak üçin çeken zähmeti oňyn netijesini berdi.  Biz B. Orazlyýewden ýerden ýokary hasyl almagyň syry nämede diýip soranymyzda ol: — Ilki bilen-ä hormatly Prezidentimiziň saýasynda biz, daýhanlara toprakdan bol hasyl almak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini belläsim gelýär. Şeýle eşretlerden ruhlanyp, işlemäge bolan höwesiň has-da artýar. Islendik işde bolşy ýaly, bu ugurda hem esasan käriňe bolan höwesiň gerek. Ekişi wagtynda ýokary hilli geçirip, agrotehnikanyň talaplaryna görä idegini ýetirseň göwün diýen netijäňi gazanyp bolýar. Biz meýdanda işleri maşgala agzalarymyz bilen agzybirlikde ýerine ýetirýäris — diýip, gürrüň berdi.  Islendik ekinden bol hasyl alyp, kärdeşlerine görelde bolmagy başarýan kärendeçi daýhana mundan beýläk-de işleriniň rowaç bolmagyny arzuwlaýarys. Durdynabat BAÝRAMOWA.

27
27 25.06.2025
Bagtly geljegimiziň kepili

Türkmen halky hormatly  Prezidentimiziň baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň ýene bir guwançly senesi — hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna taýýarlyk görýär. Bu senäniň ähmiýeti örän uludyr. Türkmen halky özüniň eşretli ertirki gününi, döwletli döwranyny baky Bitaraplygymyz bilen aýrylmaz baglanyşdyrýar. Sebäbi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyz bu günki günde parahatçylygyň we asudalygyň, agzybirligiň we jebisligiň ýurdy hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Türkmen Bitaraplygynyň 30 ýyla golaý döwrüniň içinde ata Watanymyz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Bilşimiz ýaly, ak şäherimiz Aşgabat sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat etjek oňyn teklipler yglan edilip, olar dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Garaşsyz Türkmenistanymyzyň Bitaraplygynyň geçen 30 ýyla golaý döwründe ýurdumyzyň diňe bir daşary syýasatynda däl, eýsem, içeri syýasatynda-da, durmuş-ykdysady ösüşlerinde-de, medeni-ruhy gatnaşyklarynda-da beýik işler durmuşa geçirildi.  Ogulşeker DURDYÝEWA.

23
23 25.06.2025
Maksatlaryň myrat bolýan Diýary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan Watanymyzy çalt depginlerde ösdürmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän   hormatly   Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda belent sepgitlere eýe bolunýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginde giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda uly işler bitirildi we bitirilýär. Ilatyň saglygyny goramakda alnyp barlýan işler hem giň gerime eýe boldy.  Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaşly döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işleriň bady artýar. Şeýle işlere mysal edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlanan Arkadag şäherini ýatlasak ýakymlydyr. Gojaman Köpetdagyň ajaýyp dag   eteginde gurlup, birinji tapgyrynyň gurluşyk-gurnama işleri tamamlanan Arkadag şäheri nusgalyk şäherdigi bilen  dünýä doldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda gurluşygyna girişilen bu örän iri taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2023-nji ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi taryhy waka boldy.  Gahryman Arkadagymyz bu döwrebap şäheriň gurluşygyny hemişe üns merkezinde saklap, bu döwletli iş üstünlikli dowam etdirilýär. Şeýle tagallalaryň netijesinde, bu şäher  “akylly” şäher ady bilen meşhurlyga eýe boldy. Dogrusy, Arkadag şäheri maksatlaryň myrat bolýan jenneti mekanyna öwrüldi. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry güýçli depginde dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri  Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy netijesinde sanlyja ýyllarda kemala gelen bu döwrebap şäheriň  halkara sylaglarynyň ençemesine mynasyp bolmagy-da   Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň miwesidir. Türkmen halky ýokary zähmet üstünliklerine beslenip, şanly wakalary bilen şöhratlanýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda tutanýerli zähmet çekýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ynamly gadamlar bilen aýdyň geljegine barýar. Baýram AMANOW.

26
26 25.06.2025
Işleri  ýokary  guramaçylyk  derejesinde  alyp  barmaly

23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ilki bilen welaýatlaryň häkimleri özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.  Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryny, galla kabul ediş kärhanalaryny doly güýjünde işletmek, önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek babatda zerur çäreler görülýär. Gant şugundyrynyň ekişi hem dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, galla oragynyň depgininiň güýçlendirilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet  Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, önümçilikde ýokary görkezijileri gazanmak üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi we wise-premýere ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň, hususan-da, galla oragynyň talabalaýyk, guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragynyň batly depginde alnyp barylýandygyny nygtady we bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly     Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ýene-de bir gezek ünsi çekip, ekinlere ideg etmekden başlap, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işlerine çenli oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.

26
26 23.06.2025
Maşgala mukaddesligi — milli terbiýäniň gönezligi

Golaýda Wekilbazar etrap medeniýet öýünde TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap polisiýa bölüminiň, etrap bilim bölüminiň, etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Maşgala mukaddesligi halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligidir» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, etrap polisiýa, bilim bölümleriniň wekilleri, kitaphanaçylar gatnaşdylar.  Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, TAP-nyň etrap komitetiniň hünärmeni Täzegül Gurdowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Hajar Garryýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler ata-babalarymyzdan gelýän milli ýörelgelerimiz, maşgala mukaddesligi, zenan mertebesi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Mähri ANNAÝEWA.

29
29 23.06.2025
Gadymy taryhym — hazyna-genjim

Golaýda TMÝG-niň şäher geňeşi  welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen  bilelikde “Gadymy taryhym — hazyna-genjim” atly gezelenç gurnadylar. Oňa TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wekilleri gatnaşdylar.  Gezelenjiň dowamynda bagtyýar ýaşlar  muzeýiň türkmen halkynyň baý taryhyna degişli bolan maddy we medeni gymmatlyklaryny janlandyrýan bölüme, arheologiýa  hem-de tebigat bölümlerine gezelenç etdiler. Muzeýde ýerleşdirilen milli baýlyklar, gadymy el işleri, gadymy pullar, tebigatyň gözelligine gözellik goşýan öý we çöl haýwanlary, birnäçe guşlaryň sergisi gezelenje gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Muzeýiň işgäri Bägül Begliýewa bu ýerde saklanylýan gadymy tapyndylar, däp-dessurlarymyz, milli egin-eşiklerimiz we olaryň haýsy maksatlar bilen ulanylyşy barada gyzykly gürrüň  berdi. Gadymy taryhymyzy aýap saklamagyň hem-de geljekki nesillere ýetirmegiň örän möhümdigini giňişleýin belledi. Milli mirasymyzy aýap saklamak, olary geljekki nesillerimize ýetimek maksady bilen döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini aýtdylar.  Mähri SAPAROWA.

27
27 23.06.2025
Medeniýet halkyň kalbydyr

Şeýle at bilen Murgap etrap medeniýet öýünde TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Melisiniň deputatlary,  halk maslahatynyň agzalary, ýokarda  atlary agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar.  Maslahatda etrapdaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aýjemal Allanowa, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Gurbangül Mädenowa, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Oguljan Baýramgylyjowa, etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Ejebaý Atagarryýewa çykyş etdiler. Çykyşlarda ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň ösdürilýändigi, her ýylyň iýun aýynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň  giňden bellenilýändigi, medeniýetimize, sungatymyza aýratyn sarpa goýulýandygy dogrusynda täsirli gürrüň edildi.  Dabaraly maslahatda etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde şirin aýdym-sazlar ýaňlandy.  Gülşat BEGENJOWA.

29
29 23.06.2025
Medeni mirasymyz bakydyr

Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgüniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Arkadagly Diýarymyň medeni mirasy bakydyr” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri hem-de işjeň agzalary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.  Dabaraly maslahatda Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgüniň direktorynyň orunbasary Çerkez Allajykow, Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Enejan Akmyradowa, TKA-nyň Sakarçäge etrap birleşmesiniň başlygy Orazgül Abdyýewa, welaýat medeniýet müdirliginiň hünärmeni, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Gözel Begliýewa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, medeniýet we sungat işgärleriniň üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň etdiler.  Baýramçylyk dabarasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň we Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň  taýýarlan çykyşlaryna tomaşa edildi.  Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmak ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.   Ogulşat BERKELIÝEWA.

27
27 25.06.2025
Bagtly geljegimiziň kepili

Türkmen halky hormatly  Prezidentimiziň baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň ýene bir guwançly senesi — hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna taýýarlyk görýär. Bu senäniň ähmiýeti örän uludyr. Türkmen halky özüniň eşretli ertirki gününi, döwletli döwranyny baky Bitaraplygymyz bilen aýrylmaz baglanyşdyrýar. Sebäbi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyz bu günki günde parahatçylygyň we asudalygyň, agzybirligiň we jebisligiň ýurdy hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Türkmen Bitaraplygynyň 30 ýyla golaý döwrüniň içinde ata Watanymyz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Bilşimiz ýaly, ak şäherimiz Aşgabat sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat etjek oňyn teklipler yglan edilip, olar dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Garaşsyz Türkmenistanymyzyň Bitaraplygynyň geçen 30 ýyla golaý döwründe ýurdumyzyň diňe bir daşary syýasatynda däl, eýsem, içeri syýasatynda-da, durmuş-ykdysady ösüşlerinde-de, medeni-ruhy gatnaşyklarynda-da beýik işler durmuşa geçirildi.  Ogulşeker DURDYÝEWA.

23
23 25.06.2025
Maksatlaryň myrat bolýan Diýary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan Watanymyzy çalt depginlerde ösdürmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän   hormatly   Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda belent sepgitlere eýe bolunýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginde giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda uly işler bitirildi we bitirilýär. Ilatyň saglygyny goramakda alnyp barlýan işler hem giň gerime eýe boldy.  Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaşly döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işleriň bady artýar. Şeýle işlere mysal edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlanan Arkadag şäherini ýatlasak ýakymlydyr. Gojaman Köpetdagyň ajaýyp dag   eteginde gurlup, birinji tapgyrynyň gurluşyk-gurnama işleri tamamlanan Arkadag şäheri nusgalyk şäherdigi bilen  dünýä doldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda gurluşygyna girişilen bu örän iri taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2023-nji ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi taryhy waka boldy.  Gahryman Arkadagymyz bu döwrebap şäheriň gurluşygyny hemişe üns merkezinde saklap, bu döwletli iş üstünlikli dowam etdirilýär. Şeýle tagallalaryň netijesinde, bu şäher  “akylly” şäher ady bilen meşhurlyga eýe boldy. Dogrusy, Arkadag şäheri maksatlaryň myrat bolýan jenneti mekanyna öwrüldi. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry güýçli depginde dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri  Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy netijesinde sanlyja ýyllarda kemala gelen bu döwrebap şäheriň  halkara sylaglarynyň ençemesine mynasyp bolmagy-da   Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň miwesidir. Türkmen halky ýokary zähmet üstünliklerine beslenip, şanly wakalary bilen şöhratlanýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda tutanýerli zähmet çekýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ynamly gadamlar bilen aýdyň geljegine barýar. Baýram AMANOW.

26
26 25.06.2025
Işleri  ýokary  guramaçylyk  derejesinde  alyp  barmaly

23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ilki bilen welaýatlaryň häkimleri özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.  Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryny, galla kabul ediş kärhanalaryny doly güýjünde işletmek, önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek babatda zerur çäreler görülýär. Gant şugundyrynyň ekişi hem dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, galla oragynyň depgininiň güýçlendirilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet  Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, önümçilikde ýokary görkezijileri gazanmak üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi we wise-premýere ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň, hususan-da, galla oragynyň talabalaýyk, guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragynyň batly depginde alnyp barylýandygyny nygtady we bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly     Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ýene-de bir gezek ünsi çekip, ekinlere ideg etmekden başlap, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işlerine çenli oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.

26
26 23.06.2025
Maşgala mukaddesligi — milli terbiýäniň gönezligi

Golaýda Wekilbazar etrap medeniýet öýünde TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap polisiýa bölüminiň, etrap bilim bölüminiň, etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Maşgala mukaddesligi halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligidir» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, etrap polisiýa, bilim bölümleriniň wekilleri, kitaphanaçylar gatnaşdylar.  Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, TAP-nyň etrap komitetiniň hünärmeni Täzegül Gurdowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Hajar Garryýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler ata-babalarymyzdan gelýän milli ýörelgelerimiz, maşgala mukaddesligi, zenan mertebesi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Mähri ANNAÝEWA.

66
66 23.06.2025
Medeniýetiň we sungatyň beýik dabaralanmasy

22-nji iýunda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.  Şol gün irden 2025-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy mynasybetli «Türkmeniň ak öýi» binasyna Hökümet agzalary, Medeniýet ministrliginiň, ýurdumyzyň döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet, sungat ussatlary, talyplar ýygnandylar. Giň gerimli çärä gatnaşyjylaryň hatarynda belli teatr artistleri, estrada we halk aýdymçylary, muzeý, kitaphana işgärleri, sazandalar, suratkeşler, ýazyjy-şahyrlar, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan döredijilik hem-de folklor-etnografik toparlar bar.  Asylly däbe görä, myhmanlar «Türkmeniň ak öýi» binasynda duz-çörek bilen garşylanyldy. Binanyň eýwanynda şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerini, ýurdumyzyň muzeýleriniň gaznalarynda saklanýan gymmatlyklary özünde jemleýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu eserler asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan özboluşly däp-dessurlarymyz, halkymyzyň baý medeni mirasy we sungaty barada gürrüň berýär. Bu ýerde ajaýyp halylar, keçeler, gobelen önümleri, senetçileriň eserleri, heýkeller, milli lybaslardyr matalar, nepis şaý-sepler, saz gurallary, adaty türkmen durmuşyna degişli esbaplar, surat eserleri, neşir önümleri görkezildi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.  Şol gün “Türkmeniň ak öýi” binasynyň sahnasynda sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň — dürli milli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň we meşhur aýdym-saz toparlarynyň konserti geçirildi. Joşgunly çykyşlar türkmen halkynyň baý mirasyny, sungat ussatlarynyň döredijilik ukyplaryny ýüze çykardy. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň bütin dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmek baradaky asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli tutumlary wasp edildi. Artistleriň çykyşlary Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan ösüşleriniň esasy tapgyrlaryny görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy.  Konsert tamamlanandan soňra, “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän desgasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna toý sadakasy berildi. Soňra çäreler dünýädäki ilkinji we ýeke-täk bugdaý muzeýi bolan Milli “Ak bugdaý” muzeýinde dowam etdi.  Soňra muzeý hünärmenleriniň «Halkymyzyň medeni mirasyny toplamakda, gorap saklamakda we olary ylmy esasda öwrenmekde muzeýleriň orny» atly okuw-usuly maslahaty geçirildi.  Maslahatyň dowamynda muzeý işini guramagyň usulyýetini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, diňe bir milli däl, eýsem, umumadamzat derejesinde-de uly ähmiýete eýe bolan maddy we ruhy gymmatlyklary öwrenmek meseleleri hakynda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Muzeý gymmatlyklaryny, sungat eserlerini, arheologik tapyndylary hasaba almak we saklamak, gadymy ýaraglary hasaba almagyň, goramagyň aýratynlyklary, muzeý gymmatlyklaryny ýerleşdirmegiň düzgünleri we tertibi, muzeý işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy baradaky çykyşlar diňlenildi.  Forumyň çäklerinde Kaka etrabynyň medeniýet öýünde Ahal welaýatynyň halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň, teatr studiýalarynyň döredijilik işgärleriniň usuly maslahaty geçirildi. Agşam Kaka etrabynyň halk teatrynyň «Şükür bagşy» atly sahna oýununyň görkezilişi boldy.  Dabaralar Änew şäherindäki medeniýet öýünde Ahal welaýatynyň ýörite sungat we çagalar sungat mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konserti bilen dowam etdi.  TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.

84
84 19.06.2025
Dünýä ýaň salýan Bitaraplyk

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, bilelikde guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanylyp, «Dünýä ýaň salýan Bitaraplyk» ady bilen aýdym-sazly, dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Toýly Garýagdyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi, ýurdumyzyň daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Bibihatyja HATAMOWA.

77
77 19.06.2025
Bitarapdyr Watanymyz — bagtyýardyr ilimiz

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat, TSTP-niň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda “Bitarapdyr Watanymyz — bagtyýardyr ilimiz” atly maslahat geçirildi. Oňa TDP-niň welaýat, TSTP-niň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow açdy we alyp bardy. Şeýle hem onda Garagum etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Şirin Baýmyradowa, “Maru — şahu jahan” gazetiniň uly habarçysy Aýparça Akymowa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hünärmeni Yhlas Amanmyradow, Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Gülbahar Nazarowa, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Murgap etrap şahamçasynyň ýolbaşçysy Sytdyh Rahmanow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň bize beren dost-doganlyk gatnaşyklary, ähli ulgamlarda gazanylan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzyň ösüş-özgerişleri, daşary döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary, dünýäniň iň iri maýa goýum kompaniýalary bilen ylalaşyklary barasynda durup geçdiler. Şemşat SAÝLYÝEWA.

42
42 18.06.2025
Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ösdürilýär

17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Hormatly Prezidentimizi Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy. Sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulag kerweni sammitiň geçirilýän ýerine — «Garaşsyzlyk» köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti   Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, wekiliýet Baştutanlary köşgüň mejlisler zalyna barýarlar. Bu ýerde «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti  Sadyr  Žaparow,  Täjigistan   Respublikasynyň    Prezidenti  Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat   Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Sammitiň gün tertibine sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, syýasy dialogy giňeltmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ulag, energetika, innowasiýalar ulgamlarynda özara hereketler bilen bagly meseleler girizildi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew sammite gatnaşyjylary mübärekläp, bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşýandyklary hem-de sebit hyzmatdaşlygyny yzygiderli goldaýandyklary üçin döwletleriň Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasyndaky ynanyşykly gatnaşyklaryň, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga, birek-birege goldaw bermäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasynyň kemala gelendigini aýtdy. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi. Sammitde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň çykyşy üns bilen diňlenildi. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew çuň manyly çykyşy hem-de beýan eden teklipleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Sammite gatnaşyjylar sebitde energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň, energetika çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Ulag-kommunikasiýa hem sebitde çalt depginler bilen ösýän pudaklaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa Ýewropanyň we Aziýanyň iri sebitlerini birleşdirýän esasy logistika merkezine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, transmilli ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmagyň, sebitiň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi.              Sammite gatnaşyjylar şu günki duşuşygyň taraplaryň hoşniýetli goňşuçylygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini görkezendigini bellediler hem-de beýan edilen teklipdir başlangyçlaryň hemişelik dostluk we strategik hyzmatdaşlyk üçin berk esas boljakdygyna ynam bildirdiler. Sammitiň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama; «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň Astana Jarnamasyna gol çekildi, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde raýatlaryň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi. Resminamalara gol çekmek dabarasyndan soňra, «Merkezi  Aziýa — Hytaý» görnüşindäki hyzmatdaşlyk merkezleriniň açylýandygy yglan edildi we bu barada wideoşekiller görkezildi. Şeýle-de, sammitiň çäklerinde Ahal welaýatynyň häkimligi (Türkmenistan) bilen Şensi welaýatynyň halk hökümetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Ahal  welaýaty bilen Şensi welaýatynyň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk yglan edildi. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparyny tamamlap, Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden  Watanymyza ugrady. Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.

35
35 18.06.2025
Dostlukly gatnaşyklar ileri tutulýar

17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Türkmenistan hem-de Hytaý köp ýyllaryň dowamynda ýangyç-energetika ulgamynda, hususan-da, türkmen tebigy gazyny dostlukly ýurda eksport etmek boýunça hyzmatdaşlyk edip gelýärler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ugruň strategik häsiýete eýedigini hem-de ony özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk esasynda mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Türkmenistan söwda we ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunda dokma senagaty, demir ýol ulagy, oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy tassyklanyldy. Ulag ulgamyndaky gatnaşyklara-da aýratyn üns çekildi. Söhbetdeşler durnukly sebitara üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Ýurtlarymyz ylym-bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Munuň özi halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Söhbetdeşler halkara giňişlikdäki özara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek başlangyjyna ünsi çekdi. Türkmen tarapynyň garaýşyna görä, bu strategiýada ösüp barýan ýurtlaryň häzirki zaman dünýä gatnaşyklarynda eýeleýän ornuna, parahatçylyk döredijilik işinde öňüni alyş diplomatiýasynyň we bitaraplyk ýörelgeleriniň ulanylmagyna üns çekilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara forumda bu meseläniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ynam bildirdi. HHR-iň Başlygy hytaý tarapynyň Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady. Si Szinpin ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we   hormatly Prezidentimizi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz HHR-iň Başlygyny özi üçin amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. Şeýle hem söhbetdeşler «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň halkara hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşleriniň biridigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Başlyk Si Szinpin şeýle formatdaky birinji sammitde hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini nygtady. Duşuşyk tamamlanandan soňra, hormatly   Prezidentimiziň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy yglan etmek dabarasy boldy. TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.

458
458 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

386
386 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

506
506 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

439
439 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

411
411 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

528
528 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

363
363 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

384
384 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.