2025-nji ýylyň
fewral aýynda Mary şäheriniň №5 sport mekdebinde sportuň futbol, erkin göreşi,
kikboksing görnüşi ýaly görnüşler boýunça Mary şäheriniň №5 sport mekdebiniň
birinjiligi geçirildi. Sport mekdebiň birinjiligine jemi 56 türgen gatnaşyp
9-sany altyn, 10-sany kümüş, 8-sany bürünç medala eýe boldylar. Ýaryş örän
çekelişikli we örän gyzykly geçdi.
Şol ýaryşa Mary
şäheriniň №5 sport mekdebiniň
tälimçi-mugallymy Maksat Gurbanowyň taýýarlaýan türgenleri gatnaşyp, 8
toparyň arasynda II orna mynasyp
boldular.
Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryna görkezýän görüm-göreldesiniň, olaryň sagdyn bedenli, giň gözýetimli bolup ýetişmekleri üçin siňdirýän yhlasynyň, döredip berýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň miwesidir. Halkymyzyň bagtly-bagtyýar ýaşaýşyny kemala getirmekde, her bir raýatymyzyň beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri ugrunda yhlasyny siňdirip zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç alsyn.