Gel, läläm,
Niýetlän güllem açyldy,
Gel, kirpiklem bilen daraýyn saçyň.
Aýly gijeleri gurban eýledim:
Seň üçin,
Seň üçin,
Diňe seň üçin.
Penjiräň öňünde Aýy alma dek
Şahadan asaýyn isleseň haçan.
Tylla Güni gülýakalyk saýladym:
Seň üçin,
Seň üçin,
Diňe seň üçin.
Isleseň ýaz ýagşy bolup ýagaýyn,
Ýel bolup öpeýin otagyň için.
Bagyňda bilbiliň bolup saýraýyn:
Seň üçin,
Seň üçin,
Diňe seň üçin.
Ne «bolýa» diýýärsiň,
Ne «ýok» diýýärsiň,
Gözleriň güldürip, dymýarsyň neçün,
Özge gyzy,
Özge güli söýmedim:
Seň üçin,
Seň üçin,
Diňe seň üçin!
Nury BAÝRAMOW.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.