Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat we Mary şäher bölümleriniň, Mary welaýat polisiýa hem-de Saglygy goraýyş müdirliklerini gurnamaklarynda “Sazlaşykly terbiýe – üstünligiň ganaty” atly gelin – gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu wagyz – nesihat duşuşyga Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň işjeň agzalary, Saglygy goraýyş we Polisiýa müdirlikleriniň işgärleri, talyp ýaşlar hem-de mugallymlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynda adamyň we raýat hukuklary we azatlyklary, olary goramagyň usullary we görnüşleri hakynda, her bir türkmen maşgalasynda millilik, edep we nesil terbiýesi dogrusynda tasirli gürrüň edildi. Maslahata gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Suwhan Kulyýew








