Şu gün ir säher bilen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýöriş geçirildi. Mary şäheriniň Kemine köçesinden badalga alan bu ýörişe edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Aýdym-sazly şowhun bilen badalga alan welosipedli ýöriş hemmeleriň kalbynda ýatdan çykmajak pursatlary galdyrdy.
Ýazyň sergin hem arassa howasy hatar gurap, ýörişe gatnaşýan ildeşlerimize ruhy goldaw berýän ýaly olaryň göwnüni göterdi. Şatlyk-şowhun bilen geçen ýörişiň dowamynda ajaýyp aýdym-sazly sport görkezme çykyşlaryna giň orun berildi. Şeýle täsirli çykyşlar welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň, Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň, Baş baýdagyň öňündäki meýdançalarda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ýaňlanan ajaýyp owazlar, tanslar welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.
Täsirli hem gyzgalaňly geçen ýöriş B.S.Türkmenbaşy adyndaky welaýat medeniýet köşgüniň ýanynda tamamlandy.
Sülgün ŞADYÝEWA.








