Şatlyk paýlap äleme,
Hoş geldiň, sen, Täze ýyl!
Nur çaýyp ak ýoluma,
Hoş geldiň, sen, Täze ýyl!
Gülledip ömürleri,
Ýyladyp köňülleri,
Guwandyryp illeri,
Hoş geldiň, sen, Täze ýyl!
Meňzäp baky bahara,
Şowhun berip jahana,
Garaşsyz gül Watana,
Hoş geldiň, sen, Täze ýyl!
Kalbymyň ýazy bolup,
Döwrümiň sazy bolup,
Bagtymyň özi bolup,
Hoş geldiň, sen, Täze ýyl!
Dowamat sen dowama,
Dönüp şirin owaza,
Garaşsyz gül Diýara,
Hoş geldiň, sen, Täze ýyl!
Dostlugyň ýoly-ugry,
Parahatlygyň nury,
Parladyp ýaşyl Tugy,
Hoş geldiň, sen, Täze ýyl!
Arkadagly Serdaryň,
Aýdyň ýoly ertämiň,
Bagta besläp ülkämi,
Hoş geldiň, sen, Täze ýyl!
Annageldi KÄLLIÝEW.








