Irkiräk çykan gazet-žurnallar bilen tanşanymda, “Murgap” etrap gazetiniň 1987-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky sanynda çap edilen “Sarymsagyň syry” atly makalany okap, ony “Maru — şahu jahan” gazetiniň okyjylaryna ýetirmegi makul bildim.
Gerodot özüniň “Taryh” diýip atlandyrylan işinde: “Gadymy müsürliler ähli infeksion we ýokanç keselleri “mergi” diýip atlandyrýarlar. Olaryň ynamyna görä, sarymsak şol keselleri golaýyňa hem getirmeýär” diýip belläpdir.
Aristotel: “Sarymsak güýjüňe güýç goşýar” diýse, Gippokrat ony işdäňi açyjy iň oňat serişde hasaplaýar. Sarymsagyň dermanlygy hakynda edilen bellikler başga-da köp. Fransiýanyň “Mode trewo” žurnalynda çap edilen teklipleri okap görüň, size gerek bolar! Ine olar:
Eger-de, gan basyşyňyz galsa, 20 gram sarymsagy 200 gram suwda gaýnadyň hem-de her günde bir çaý çemçesi möçberde 2-3 gezek içiň!
Eger-de, ukyňyz tutmasa, 20 gram maýdalanan sarymsagy gyzgyn süýde goşup, ýatmazyňyzyň öň ýanynda içiň! Endamyňyzda agyry bar bolsa (şol sanda, guragyry hem) 40 gram sarymsagy bir ýarym litr suwda gaýnadyň hem-de agyrýan ýeriňize ýapgy ediň!
Eger-de, tokaýa gezelenje gitmekçi bolsaňyz, açyk ýerleriňize sarymsak çalyň, ol sizi çybyn çakmagyndan gorar...
Ine, görşüňiz ýaly, gaty ir wagtlardan bäri ulanylyp gelinýän sarymsagyň biziň durmuşymyzda hem iňňän zerurdygy aýdyňdyr.
Taýýarlan
Sähetmyrat MÄMMIÝEW.








