Pasyl çalşygynda keselleriň öňüni almak üçin maslahatlar:
Ýaz paslynyň her bir gününiň şemally, ýagmyrly, salkyn we yssy bolup bilýändigini we howanyň derejesiniň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, paslyň talaplaryna laýyklykda geýinmeli.
Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli.
Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.
Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmeli. Elleri elmydama arassa ýagdaýda saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.
Rahat ukyny almaly. Iş bilen dynç alşy utgaşdyrmaly.
Sagdyn iýmitlenmeli. Witaminlere we mikroelementlere baý ter gök önümleri we miweleri iýmeli.
Ýiti iýmit zäherlenmeleriň we ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplaryny doly we dogry berjaý etmeli.
Demir we aýna gaplara gaplanan iýmit önümlerini paslyň yssy günlerinde ürç edip kabul etmekden saklanmaly. Olary diňe söwda merkezlerinden satyn almaly. Öý şertlerinde olary belgileniş nyşanynda görkezilen möhletine laýyklykda saklamaly we ulanmaly.
Gan basyşyňyzy we ganyň düzümindäki süýjüni elmydama gözegçilikde saklamaly. Lukmanyň beren bejergisini talabalaýyk ýerine ýetirmeli.
Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy
goraýşyň habarlar merkezi.








