Gyş möwsüminde keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:
Gyş paslynda ýüze çykýan ýiti respirator ýokanç kesellerinden goranmaly.
Pasyllara görä geýinmeli.
Gyş paslynda aýakgaplaryňyz özüňize laýyk, rahat, ýyly bolmaly hem-de olaryň aşagy mümkin boldugyça tekiz bolmaly.
Gyşyň sürçekli, aşa sowuk günlerinde gartaşan adamlara we has kiçi ýaşly çagalara zerurlyk ýüze çykmasa öýde galmak maslahat berilýär.
Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak, pugtalandyrmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli.
Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.
Açyk arassa howada gezelenç etmeli.
Özbaşdak derman serişdelerini ulanmaly däl, olar özbaşdak ulanylanda birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler.
Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.
Iş ýeriňizde we öýňizde otaglaryň howasynyň arassa bolmagyny gazanmaly we arassalaýyş işlerini yzygiderli geçirip durmaly.
Elleri elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.
Sagdyn we kadaly iýmitlenmeli, witaminlere baý bolan önümleri iýmeli.
Milli tagamlarymyzyň biri bolan gyzyl burç goşulan unaşy maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp kabul etmeli.
Ýiti iýmit zäherlenmeleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary dogry berjaý etmeli.
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hökman mähriban Arkadagymyzyň bize peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylan melhem çaýlaryny maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli.
Ýokanç däl keselleriň düzümine girýän howply täze döremeleriň ýurdumyzda ýola goýlan irki anyklaýyş barlaglaryndan öz wagtynda geçmeli.
“Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, milli sanjym tertipnamasyna laýyklykda saglyk öýlerinde edilýän keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny çagalaryňyza öz wagtynda edilmegine işjeň gatnaşyň.
Möwsümleýin keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp alyň.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.








