Marynyň Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurnamagynda Saglygy goraýyş we Derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli maslahat geçirildi. “Saglyk gyzyldan gymmatly baýlyk” diýen at bilen geçirlen bu maslahata bu okuw jaýynyň talyplarydyr mugallymlary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler bagtyýarlyk zamanamyzda Saglyk ulgamynda amala aşyrlan düýpli hem täze özgertmeler, raýatlaryň saglygy goramakda alynyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de maslahata gatnaşanlar öz halkynyň saglygyny hemme zatdan ileri tutýan, bagtyýar raýatlarymyzyň saglygyny pugtalandyryp, ömrüni uzaltmak barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.








