Türkmen halkynyň saglygyny ähli zatdan öňde goýýan döwlet Baştutanymyz bu möhüm meseläniň bähbitli çözgüdinde bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bilen bagly wezipelere uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän sport syýasatynyň çäklerinde uly işler bitirilýär. Döwrebap stadionlar, sport mekdepleri we desgalary sporta höwesekleriň söýgüli mekanyna öwrüldi.
Ýaşlaryň arasynda sportuň ol ýa-da beýleki görnüşi boýunça ýokary netijeleri gazanyp, çempion bolmaga ukyp-başarnyklylary köp. Olara şol ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmäge we Garaşsyz döwletimiziň sport abraýyny has-da ýokarlandyrmaga ähli mümkinçilikler bar. Şäherimiziň çäginde hereket edýän sport mekdebinde ýaşlara sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň şertler döredilendir. Sport bilen meşgullanmaga höwesek ýaşlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygy, türgenlerimiziň dürli ýaryşlarda uly üstünlikleri gazanýandyklary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sport syýasatynyň rowaç alýandygyna şaýatlyk edýär. Geljekki çekeleşikli bäsleşiklere ykjam taýýarlyk görýän türgenlerimiziň ýeňişli menzillerine ynam ruhubelentligi döredýär.
Şatlyk ÖWEZDURDYÝEW.








