Halkymyzyň saglygyny ähli zatdan öňde goýýan hormatly Prezidentimiz bu möhüm meseläniň bähbitli çözgüdinde bedenterbiýäni we sporty ösdürmeklige uly ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan sport syýasatyny durmuşa geçirmekde giň möçberli işler alnyp barylýar. Esasy zat bolsa, döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň artýanlygydyr. Olar tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrýarlar.
Soňky ýyllarda türkmen sportunyň halkara abraýy buýsançly belentliklere çykýar. Bu hakykata türgenlerimiziň dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerem doly şaýatlyk edýär. Elbetde, bularyň hemmesi türgenlerimiz hakda edilýän aladalaryň, olara döredilýän mümkinçilikleriň ýerine düşýändigine güwä geçýär.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan dünýä çempionatlarynda, iri halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanan türgenlerimiziň ençemesine täze awtomobilleriň, pul baýraklarynyň gowşurylmagy sport syýasatynyň şowly gadamlarynyň rowaçlanýandygyna subutnamadyr.
Nurýagdy HOJAMYRADOW.








