Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň,welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň ,welaýat dermanhana müdirliginiň bilelikde gurnamagynda maslahat geçirildi. "Sagdyn jemgyýet-döwletiň berk binýady” atly bu maslahata welaýatyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.Maslahatda çykyp geplän adamlar alym,lukman Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda saglyk ulgamyny ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar-diýlip buýsanç bilen bellediler.Raýatlarymyzyň saglygyny goramakda göreldeli zähmet çekýän lukmanlary Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriň güni mynasybetli gutladylar.Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurulýan hassahanalar,saglyk öýleri,halkymyza ýokary derejede hyzmat edýärler-diýlip buýsanç bilen bellediler.Maslahatyň dowamynda baýramçylyk mynasybetli saglygy goraýyş işgärleriniň birnäçesine ýadygärlik sowgatlary hem gowşuryldy. Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmekde alyp barýan işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Çarymuhammet SAPAROW.








