Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatdan ugur alnyp, giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, saglygyny goramakda we berkitmekde netijeli tagallalar edilýär. Bu meselede alnyp barylýan tutumly işler ýokarda ýatlanan taglymatyň il-gün bähbitli aladalarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.
Raýat jemgyýetimizde döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýaş nesillerimiziň saglygyny goramakda örän uly alada edilýär. Bu wezipe geljekde sagdyn, ruhubelent, berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek bilen aýrylmaz baglydyr. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz bu meselä hemişe üns berýär. Ýurdumyzyň dürli künjeginde, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hereket edýän «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi ýokarda ýatlanymyza aýdyň subutnamadyr. Häzirki wagtda döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň ýüzlerçesi saglyklaryny dikeldip, wagtlaryny gyzykly geçirýärler.
Aýjemal RAHMANIÝAZOWA.








