Aý, ýöne,
Keýpine aýdym aýdýaryn.
Keýpine hoş salam ýollaýan Güne.
Tanyşlyk üçin däl —
Gyzlara duşsam,
Salam, keýgim — diýip, geçýän keýpine.
Garagol çagany guş deý göterip,
Mündürýärin sazdan doly kelläme.
Suwa daş zyňýaryn — bökýär, oýnaýar,
Ýeri şol suwa daş zyňamda näme.
Dükanlaryň witrinasy enaýy,
Dükana dykylyp girýärin, ine.
Soraýaryn onuň-munuň bahasyn,
Satyn almakçy däl,
Ýöne keýpine.
Guşlaram baglarda jagylda-jugul,
Ýollarda baglaram guşlary bilen.
Bu täsin gün ýaýnap otyr enaýy,
Keýpine,
Keýpine,
Ýöne keýpine.
Çaga ýaly bu arassa asmana,
Kelläm degip,
Owaz edýär keýp bile.
Onsoň neneň Saturnyň halkasyn
Şlýapa dek geýmejek sen keýpine.
Gurbannazar EZIZOW.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.








