Ajap eýýamymyzda hemmetaraplaýyn kämil, edep-terbiýeli, tämiz ruhly, zähmetsöýer nesli kemala getirmekde ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm meselede Arkadagly Gahryman Serdarymyz möhüm wezipeleri öňde goýýar. Şol wezipeleriň durmuşa geçirilmeginde bolsa hemmeleriň goşandy bolmalydyr.
Etrabymyzdaky 4-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramasynda “Ruhy tämiz halk beýikdir” diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa atlary agzalan guramalaryň wekilleri, bilim işgärleri we okuwçylar gatnaşdylar. Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň hünärmeni Gunça Ataballyýewa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Sona Çopanowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bölüm müdiri Pälwan Saparow çykyş etdiler. Olar döwlet Baştutanymyzyň ajap eýýamymyzyň ylym-bilimli, ahlakly, ruhubelent, watansöýüji ýaşlaryny terbiýeläp ýetişdirmek bilen bagly tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde bitirilýän işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şu mesele babatda wagyz-nesihat işleriniň täsirliligini ýokarlandyrmagyň çözgütleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Laçyn RAHMANOWA.








