Geňeşli il myrada ýeter
Däp bolşy ýaly, her ýyl Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Halkymyzda “Maslahatly il myrada ýeter”, “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen pähimler bar. Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda möhüm çözgütleri köpçülik bilen maslahatlaşyp kabul etmegiň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdir. Ýurduň abadançylygy, ösüşi, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady kadalary bilen bagly çözgütleriň ählisi il-gün bilen geňeşilip kabul edilipdir. Munuň özi döwleti dolandyrmagyň adalatly, demokratik nusgasy bolup, ýaşuly nesliň durmuş tejribesine, halk köpçüliginiň bähbitleriniň nazara alynmagyna esaslanypdyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem milli demokratik däplerimiziň müňýyllyklaryň synagyndan geçen tejribesiniň häzirki döwrüň talaplaryna kybap getirilip, jemgyýeti dolandyrmagyň täze milli nusgasydyr. Häzirki döwürde Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan wekiller, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenler, işewürler, işçiler, daýhanlar, alymlar, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler girýär. Şeýle giň gerimli wekilçilik kabul edilýän çözgütleriň il-günüň bähbidine gyşarnyksyz eýermegini şertlendirýär.
Ýakynda Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri öz taryhy çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk döwründe, şol sanda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bitirilen işler, ýetilen belent sepgitler barada aýtdy. Gahryman Arkadagymyz bu üstünlikleriň, ilkinji nobatda, halkymyzyň agzybirliginde, jebisliginde gazanylandygyny nygtady.
Milli Liderimiziň öz çykyşynda belleýşi ýaly, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň netijeleri jemlener. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenip, öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Hakykatdan hem bu gün türkmen halkymyz hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bir supra jemlenip, döredijilikli zähmet çekip, bagtyýar, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Häzirki döwürde Milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýat şäher, etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, şeýle hem syýasy partiýalaryňdyr jemgyýetçilik guramalarynyň agzybir tagallalary esasynda umumymilli foruma taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürýän, halkara abraýyny arşa göterýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Kakageldi GURBANOW.