Häzirki wagtda ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Her ýyl dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bellenilýän prostata mäziniň howply täze döremelerine garşy göreşiň biraýlygy hem edil şu maksada — ynsanlaryň saglygyny goramaga we bu ugurda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu kesel erkek adamlaryň arasynda iň köp duş gelýän onkologik keselleriň biridir.
Ol erkek adamlarda 40 ýaşdan soň, aýratyn-da, 50 — 69 ýaşly adamlarda has ýygy duş gelýär. Keseliň başlangyç derejelerinde alamatsyz, ýagny, gizlin geçýändigi sebäpli näsaglaryň 80 — 95 göterimi lukmanlara giç ýüz tutýarlar. Şol sebäpli hem saglygy goraýyş işgärleri bu biraýlygyň dowamynda irki anyklamanyň ähmiýetini aýratyn nygtaýarlar.
Prostata mäziniň howply täze döremelerinde näsaglarda peşewiň akyşynyň peselmegi, peşewiň kesilip gelmegi, näsagda peşew haltasyny boşatmazlyk duýgusy, tiz-tizden buşukma, peşew etmeklige bolan güýçli isleg ýaly alamatlar ýüze çykýar. Näsagda şeýle alamatlar ýa-da olaryň biri ýüze çykan ýagdaýynda gyssagly lukmana ýüz tutulmalydyr. Ony anyklamak üçin bolsa näsagyň hökmany suratda onkolog ýa-da urolog lukmanlaryna ýüz tutmagy gerek. Häzirki wagtda prostata mäziniň howply täze döremelerini ýüze çykarmak üçin lukman näsaga gözegçilik edýär, keseliň ýüze çykyşyny, alamatlaryny öwrenip, degişli barlaglary geçirýär we bejergini belleýär.
Biraýlygyň çäklerinde diňe bir lukmançylyk barlaglary däl, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgeleri hem giňden wagyz edilýär. Keseliň öňüni almakda fiziki işjeňlik, artykmaç semizlikden dynmak, dogry iýmitlenmek (gök önümleri we miweleri köpeltmek, ýagly we işlenilen et önümlerini azaltmak) hem-de zyýanly endiklerden ýüz döndermek uly rol oýnaýar.
Azat ANNAÝEW.








