Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde stol tennisi boýunça Türkmenistanyň çempionaty başlandy. Ýaryşa 50 töweregi türgen gatnaşýar.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Stol tennisi federasiýasy hem-de Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bu ýaryşyň guramaçylary hökmünde çykyş edýärler.
Çempionatyň birinji gününde toparlaýyn bäsleşikler guraldy.
Erkekleriň hem-de gyzlaryň arasyndaky bäsleşiklerde finala çykmagy başaran «Aşgabat – 1» hem-de «Aşgabat – 2» toparlarynyň wekilleri uly artykmaçlyk gazandylar.
Federasiýanyň ýolbaşçysy Agamyrat Allanazarow yzygiderli guralýan şeýle ýaryşlaryň türgenleriň kämilleşmegi we hünär taýdan ösmegi üçin uly ähmiýete eýedigini belleýär.
Çempionat ýekelikdäki hem-de jübütlikdäki bäsleşikler bilen 24-nji marta çenli dowam eder.
Taýýarlan: Mary şäheriniñ N2-nji sport mekdebiniñ Direktory Myrat Mollaýew