Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde guwançly sepgitlere eýe bolunýar. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde we sport desgalarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, türgeleriň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmaga ähli mümkinçilikler bar. Muňa biziň sport mekdebimizde bitirilýän işleriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Mekdebimizde men ýaş türgenleriň ençemesine erkin göreş boýunça tälim berip, olaryň dürli ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelemekleri ugrunda aladalanýaryn. Şeýle yhlas-tagallam ýerine-de düşýär. Golaýda erkin göreş boýunça welaýatyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryşda türgenlerimiz Serdar Orazow, Eziz Şageldiýew degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlary eýelemegi başardylar. Şu günler bolsa türgenlerimiz ýakyn wagtlarda geçiriljek welaýatyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşa ykjam taýýarlyk görýärler. Şu günlerki yzygiderli türgenleşiklerimiz öňde durýan ýaryşda-da şowly çykyşlara ynam döredýär.
Abdyresul NEPESOW.








