Arkadag
Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip
geçilen Türkmen bedewiniň milli baýramy meniň ömrümde iň üýtgeşik,
tolgundyryjy, kalbymy lerzana getiren baýram boldy. Baýramçylyk mynasybetli
guralan dabaraly çärelere gatnaşmagym maşgala agzalaryma-da, işdeş
ýoldaşlaryma-da şatlyk paýlady.
Baýramçylygyň esasy bir bölegi bolan at çapyşyklary
Daşoguz welaýatynyň durky täzelenen atçylyk sport toplumynda geçirildi. Ýaz
möwsüminiň açylýandygy mynasybetli meýilnama boýunça 8 çapyşyk geçirilip, iň
soňky toparda halypa çapyksuwarlaryň arasynda toý bijesi atylyp, olaryň çapjak
bedewleri belli edildi. Meniň paýyma Edepli diýen ýyndam bedew düşdi.
Edepli 1000
metr aralykda beýleki bedewlerden bir gez öňe saýlanyp, pellehana 1 minut 8
sekuntda gelmegi başardy. Maňa bu ýeňşim üçin hormatly Prezidentimiziň baş
baýragy — “Toyota Land Cruiser” ýeňil awtoulagy berildi.
Milli
Liderimiziň ýadawsyz aladalary, Arkadagly Serdarymyzyň çäksiz tagallalary
netijesinde türkmen bedewiniň şan-şöhraty äleme ýaň salýar, halypa-şägirtlik
ýoly ösdürilip ýokary derejelere çykýar.
Goý, bize
şeýle mümkinçilikleri döredip berýän alym Arkadagymyzyň, hormatly
Prezidentimiziň janlary sag bolsun, bütin adamzat ähmiýetli tutýan tutumly
işleri rowaç alsyn!
Bäşim ROZYÝEW.
Türkmenistanyň at gazanan atşynasy.