“Gelnim, saňa diýýän,
Gyzym, sen düşün!”.
Isleseň, ýaşynma,
Isleseň, ýaşyn.
Däbem däpdir welin,
Öz işiň bular.
Agzyň ýaşmaksyzam,
Sylasa bolar.
Wepaly boljak bol,
Baran öýüňe.
Gussasyny çekiş,
Goşul toýuna.
Ol öý sowuk bolsa,
Ýylatjak bolgun!
Ol öý kiçi bolsa,
Ulaltjak bolgun!
Gelin diýen gelin,
Bolsa akylly.
Tutuş öýe siňer,
Onuň ýakymy.
Gelin diýen gelin,
Bolanda haýýar.
Çagaň üsti bilen,
Ärine gargar.
Sen hyzmatkär dälsiň,
Gaýyn hökümdar.
Gaýyn bimamlamy —
— Geple, hakyň bar.
Abraý diýen zady,
Aýagyn, gyzym!
Düşümli bolsun-da,
Aýagyň, gyzym!
Berdinazar HUDAÝNAZAROW.








