Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şol sanda, bilim ulgamynda hem uly üstünliklere ýetilýär. Ýaş nesilleriň bilimli, sowatly, edepli-ekramly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Çünki, bilim ösüşiň esasy binýady bolup durýar. Şol maksat bilen hemmetaraplaýyn ukyply, bilimli, zehinli nesilleri kemala getirmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherinde geçen umumy okuw sapagynda: “Biz ylym-bilim ulgamynda toplan baý tejribämiz esasynda ajaýyp geljegimizi gurýarys” diýip bellemegem ýokarda agzanlarymyzy dolulygyna tassyklaýar. Hakykatdan-da, ýurdumyzda bilimli ýaşlaryň kemala gelmegi, olaryň ajaýyp ösüşlerimize şahsy goşantlaryny goşmagy ugrunda ençeme işler ýola goýulýar. Täze Konsepsiýalar işlenilip taýýarlanylýar. Döwrebap, özünde ähli mümkinçilikleri bolan, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilim ojaklary gurlup, ulanylmaga berilýär. Munuň özi biz — bilim işgärleriniň yhlasly zähmet çekmegi, ýaşlarymyzyň oňat bilim almagy üçin gönükdirilen beýik başlangyçlardyr.
Biz hem öz gezegimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynamyny ödäp, ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, bilim ulgamynyň mundan beýläk-de uly üstünliklere beslenmegi ugrunda janaýaman zähmet çekeris.
Çary ÝALKANOW.








