Ynha meniň kitabym,
Çigit ýaly kiri ýok.
Her gün okap ýörsem-de,
Zaýalanan ýeri ýok...
Şahyr Kerim Gurbannepesowyň bu goşgusyny, megerem, ýatdan bilmeýän az-az bolsa gerek. Ilkinji sapar mekdebe gelip, birinji synpyň gapysyndan gireniňde, mydamalyk ýatda galýan zat — mugallymyň mähirli keşbi bilen içi suratdan doly «Harplyk» kitabymyzdyr. Şol günden başlap iň bir öýkünesiň gelýän mähriban ynsanyň mugallymyňdyr. Onuň her bir hereketini, kitapdan gürrüň berýän zatlaryny berk ýadyňda saklarsyň. Syrly sahypalardaky setirleri özüň okasyň gelip, çaltrak ähli harpy ýat bekläp, goşup okamaga ymtylarsyň.
Şeýdip syrly sahypalaryň jadyly gujagyna özüňi oklap, kitap bilen ömürlik dostlaşanyňy duýman galarsyň. Ömrüňboýy saňa ýakyn hemra boljak dostuň — ol seniň çagalyk ýoldaşyň, kitabyňdyr.
Harplary ýazanyňda goýberýän ýalňyşlyklaryňy düzedip, seni bilim dünýäsine ugrukdyrýan mähriban ynsan — mugallymyňdyr. Ol irginsiz ugurtapyjylygy bilen, seni ýuwaş-ýuwaşdan ylym dünýäsine atarar. Entek “R” harpyny dogry aýdyp bilmeýän gädik dişlije çagakaň, eliňden tutup sowat öwreden mugallymyň tekrarlar: «Kitap bilimiň açarydyr». Ruhy atamyz Magtymguly Pyragy bolsa: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip nesihat edipdir.
Asuda Watanda, parahat durmuşda okamaga, öwrenmäge uly mümkinçilikler döredip beren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň körpelere sowgatlyk kompýuterleri, okuwçylaryň mugt okuw kitaplary bilen üpjün edilmegi ylma-bilime açylan ak ýoldur. Biz — bagtyýar nesillere bolsa şeýle bagtly durmuşda ýaşaýanymyza buýsanyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen üpjün edilen okuw kitaplarymyzy aýawly ulanyp, bilimimizi artdyraýmak galýar...
...Kitabymy hemişe,
Tämiz saklajak ýörjek.
Ikinjä geçen ýylym,
Jigim Jerene berjek.
Mähribankäbe ÝUSUBOWA.








