Ýaş nesle bilim we terbiýe bermegiň wajyp ýörelgesi gözbaşyny ir döwürlerden alyp gaýdyp, gadymy halkymyz bu meselä hemişe uly üns beripdir. Sebäbi ata-babalarymyz ylymly-bilimli, edep-terbiýeli nesli abadan ertiriniň ygtybarly kepili hasaplapdyrlar. Dana pederlerimiziň şu ýörelgesinden ugur alýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde giň möçberli işlere badalga berýär. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar.
Aslynda, ýaş nesil hakynda edilýän şu günki yhlas-tagallalarymyz bagtly ertirimiziň jogapkärli aladasydyr. Munuň özi her bir bilim işgärine bildirilýän ýokary talaby aňladýar. Mekdebimiziň mugallymlary şeýle talapdan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesle durnukly bilim, mynasyp terbiýe bermekde yhlasly zähmet çekýärler. Üstümizdäki — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny uly üstünliklere beslemegi maksat edinýärler. Okuwçylara matematika dersinden sapak geçenimde olaryň temalary düýpli özleşdirmeklerini gazanmaga çalyşýaryn.
Öňdebaryjy iş tejribelerinden, okuw-görkezme esbaplaryndan ýerlikli peýdalanmagam işiň netijeliligine getirýär. Yzygiderli guralýan açyk sapaklaryňam ähmiýeti uly. Olarda kärdeşlerimiz bilen özara pikir alşylmagam ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.
Ajap eýýamymyzyň talaby ýokarlanyp, has möhüm meseleleri öňe çykarýar. Biz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny üstünliklere besläp, öňümizde durýan meseleleriň oňyn çözgüdini gazanmalydyrys.
Gadam ANNAGURBANOW.








