Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýaş nesle berilýän bilim terbiýäniň hilini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolýar. Gürrüňi edilýän wezipeden ugur alyp, etrap prokuraturamyz etrap bilim bölümi bilen wagyz-nesihat duşuşygyny gurady. Etrap bilim bölüminiň mejlisler jaýynda guralan çärä etrap prokuraturasynyň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri we mugallymlar gatnaşdylar.
Duşuşykda etrap prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist Rejepgeldi Ataýew, etrap bilim bölüminiň müdiriniň orunbasary Aman Batyrow çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatyny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan tutumly işler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda öňde durýan wajyp wezipeleriň üstünde durup geçdiler.
Kakyş BEGMYRADOW.








