Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bagtyýar geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň terbiýesi, maşgala mukaddesligi hakyndaky alada aýratyn üns berilýär. Ýaş nesillerimiziň kämil ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Ýakynda TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap polisiýa bölüminiň, etrap bilim bölüminiň, etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Wekilbazar etrap medeniýet öýünde «Nesil terbiýesi maşgaladan başlanýar” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda ady agzalan syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramanyň işgärleri, etrap polisiýa, bilim bölümleriniň wekilleri, kitaphanaçylar gatnaşdylar.
Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, TAP-nyň etrap komitetiniň hünärmeni Täzegül Gurdowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Hajar Garryýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler ata-babalarymyzdan gelýän milli ýörelgelerimiz, maşgala mukaddesligi, zenan mertebesi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Bilbil NURÝAGDYÝEWA.