Howanyň yssy günleriniň golaý gelmegi bilen welaýatymyzyň çägindäki öri meýdanlaryny ýangyndan goramagyň meselesi öňe çykýar. Şu meseläniň bähbitli çözgüdi bolsa, deslapky tagallalardan başlanýar. Şonuň üçinem bu meselä bagyşlanyp welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Oňa welaýat polisiýa müdirliginiň, şu müdirligiň ÝHB-niň, degişli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarydyr jogapkär işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary Arslan Atalyýew, welaýat polisiýa müdirliginiň müdiriniň orunbasary, polisiýanyň podpolkownigi Pena Mämmedow, welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň müdiriniň orunbasary, içerki gullugyň maýory Nazar Bugraýew çykyş etdiler. Maslahatda çykyş edenler yssy günleriň başlanyp, tomsuň barha golaý gelmegi bilen öri meýdanlarynda ýangyn döremek ähtimallygynyň ýüze çykýandygy, ol ýerlerde ýangynlaryň öňüni almak üçin häzirden kemsiz taýýarlyk görülmelidigi barada durup geçdiler. Öri meýdanlarynda ýangynlaryň öňüni almagyň örän derwaýys wezipedigini nygtap, bu babatda edilmeli işler, durmuşa geçirilmeli çäreler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Orazmyrat ÇARYÝEW.








