Halkymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelýän, baky buýsanjyna öwrülen milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, edim-gylymlary, urp-adatlary bar. Bularyň ählisi ata-babalarymyzyň bize miras goýan gymmatlygydyr, egsilmez baýlygydyr. Şeýle gymmatlygyň, baýlygyň gadyryny duýup ýaşamak uly bagtdyr.
Häzirki wagtda gelin-gyzlarymyzyň on barmagyndan kemala gelýän gaýma gaýamak, keşde çekmek, alaja örmek, milli lybaslarymyzy biçip-tikmek, haly-palas dokamak, keçe taýýarlamak ýaly milli el işlerine söýgi barha artýar. Aýratynam, gyz-gelinlerimiziň milli geýinmek medeniýetine has-da uly üns berilýär. Keşdeçi gyzlardyr gelinler nagyşlaryň köne nusgalaryna täze öwüşgin çaýyp, sapaklaryň reňklerini matalaryň reňkleri bilen sazlaşdyryp, ajaýyp gözelligi döredýärler. Şeýlelikde, olar milliligimiziň janköýerleriniň isleglerini kanagatlandyryp, milliligimizi kämilleşdirip, ösdürýärler hem-de il alkyşyna mynasyp bolýarlar.
Milli däp-dessurlarymyza we gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize zenan ýüregimizden tükeniksiz alkyş aýdýarys.
Gunça GAÝYPOWA.








