Ýakynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli TMÝG-niň Ýolöten etrap geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda “Ajaýyp agşam” toý mekanynda etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Milli medeniýet — halkyň egsilmez hazynasy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Baýramçylyk dabarasynda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa, etrap medeniýet bölüminiň hünärmenleri Ýazbibi Aganyýazowa, Berdimyrat Çaryýew, Ýolöten şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Döwlet Çaryýew we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler milli medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işleriň netijesinde türkmen medeniýetiniň şan-şöhratynyň barha arşa göterilýändigini uly buýsanç bilen bellediler.
Şatlyk-şowhuna beslenen dabaranyň dowamynda etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Ýaňlanan owazlar hemmelere ruhy lezzet paýlady.
Uzukjemal BAÝSÄHEDOWA.








