Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat hem-de Şatlyk şäher birleşmeleriniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde gurnamagynda ýurt Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlanyp maslahat geçirildi. Bu berde çykyş edenler ýurdumyzda her ýylda geçirilýän Halk maslahatynyň ähmiýeti we onuň milli döwletlilik ýörelgelerimize esaslanyp geçirilýänligi dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle hem maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ähli ulgamlarda gazanylan belent sepgitler hem-de Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda diýarymyzy has-da ösdürmekde belent geljegi nazarlaýan ajaýyp işler barada hem aýratyn nygtaldy. Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzy ösdürmekde beýik tutumly işleri alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Merjen Çaryýarowa.








