8-nji sentýabrda 16-njy tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy geçirilip, onda “Merw” bilen “Şagadam” toparlary duşuşdylar. Bu duşuşykda mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan “Merw” topary 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Mary şäheriniň toparyna ýeňiş getiren toplary Myrat Ýakşiýew öz adyna ýazdyrdy.
Gazanan bu ýeňşinden soň 12 utuk toplan “Merw” topary ýaryş tertibinde ýedinji orna geçmegi başardy. 8 utugy bolan “Şagadam” topary 9 orny eýeleýär.
16-njy tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:
“Merw” – “Şagadam” – 2:0
Gollar: 20, 70 (11 m.j.u.) Myrat Ýakşiýew (“Merw”)
Duýduryş: 44 Pirmyrat Sultanow (“Şagadam”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary.)
Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), R.Ereşow (Türkmenabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)
Çempionatyň tablisasy:
T/b | Toparlar | O | Ý | D | U | T | U |
1. | «Arkadag» | 12 | 12 | 0 | 0 | 39-9 | 36 |
2. | «Altyn Asyr» | 14 | 10 | 2 | 2 | 37-12 | 32 |
3. | «Nebitçi» | 14 | 8 | 1 | 5 | 23-16 | 25 |
4. | «Köpetdag» | 13 | 5 | 2 | 6 | 17-25 | 17 |
5. | «Ahal» | 13 | 5 | 1 | 7 | 18-19 | 16 |
6. | «Aşgabat» | 14 | 5 | 1 | 8 | 17-33 | 16 |
7. | «Merw» | 11 | 3 | 3 | 5 | 12-16 | 12 |
8. | «Energetik» | 14 | 4 | 0 | 10 | 11-27 | 12 |
9. | «Şagadam» | 15 | 2 | 2 | 11 | 9-26 | 8 |