Men saňa bir zat aýdaýyn:
Ozal aýdyp bilmänlerim.
Berilmedik salam hatlaň,
Içindäki gizlänlerim.
Men saňa bir zat aýdaýyn:
Mende ilki söýgüdiň sen.
Geljegim hem arzuwymdyň,
Iň bir tämiz duýgudyň sen.
Men saňa bir zat aýdaýyn:
Basyp bilmän ýygralygy.
Açyp bilmän ýüregimi,
Kabul etdim aýralygy.
Men saňa bir zat aýdaýyn:
Bolsaňam sen özgäň bagty.
Ýadygärlik suratyňy,
Görýän şindem ýalňyz wagtym.
Men saňa bir zat aýdaýyn:
Her işiň bar bolsa haýry.
Belki, biziň haýrymyzdyr,
Bu ömürde bolmak aýry.
Merdan ABDYLLAÝEW.