Golaýlap gelýän täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görmek barada Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryndan ugur alnyp Mary welaýatynda-da nusga alarlyk işler alnyp barylýar. Şu günler Mary welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşigine degişli bolan ähli bazarlaryň golaýynda mekdep bazarlary açylyp, onda mekdep okuwçylaryna gerekli bolan okuw-görkezme esbaplary satuwa çykaryldy. Mary şäherinde ýerleşýän ,,Maru-Şahu-Jahan” merkezi bazarynda işläp başlan mekdep bazary hem iň bir gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüldi. Bu ýerde satylýan ähli okuw-görkezme esbaplarynyň öz ýurdumyzda neşir edilen önümlerdigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Mekdep bazarynda ýörite okuwçylar üçin niýetlenilen köýnekler, aýakgaplar, tahýalar, dürli görnüşli mekdep torbalary, depderdir galamlar we beýleki okuw esbaplary bu ýere gelýän müşderilere elýeterli bahalardan hödürlenilýär. Şeýle bolansoň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň täze okuw ýylyna gadam basjak mekdep okuwçylary hem-de olaryň ata-eneleri möwsümleýin açylan bu mekdep bazaryndan özlerine gerekli bolan egin-eşikleri we okuw esbaplaryny uly höwes bilen satyn alýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gelejegi bolan bagtyýar çagalaryň erkana ösüp ulalmaklary, olaryň ylymly, bilimli bolmaklary ugrunda hem döwletimiz tarapyndan örän uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Mekdep bazarlarynda okuwçylara zerur bolan okuw esbaplarynyň köpdürliligini synlanyňda hem munuň şeýledigine aýdyň öz ýetirýärsiň.
Ýurdumyzda haryt bolçulygyny döredip, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda ägirt uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Merjen Çaryýarowa.