Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen ösüşlerden ösüşlere beslenip dowam edýän günlerinde ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň bilelikde gurnamagynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünliklerine mynasybetli syýasy, medeni-köpçülik dabaralaryna bagyşlanan “Bedew batly, belent maksatly Watan” ady bilen wagyz-nesihat maslahat duşuşygy geçirildi. Bu maslahat duşuşygyna Türkmenistanyň Mežlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat, şäher komitetleriniň jogapkär işgärleri we işjeň agzalary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda alynyp barylýan beýik işler bilen bir hatarda ýaşlar üçin sport we milli sirk sungatynyň gerimini giňeltmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda giň möçberli işleri alynyp barylýandygy, dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler.
Nurjahan Mämmedowa.








