Mary şäherindäki
2-nji sport mekdebinde sportuň dzýu-do görnüşi boýunça Mary welaýatynyň
birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ulularyň arasynda geçirilen ýaryşa
etrap, şäher sport mekdepleriniň türgenleri gatnaşdylar.
Guralan ýaryş,
diýseň, çekeleşikli hem gyzgalaňly geçdi. Dzýudoçy türgenler ýaryşda özleriniň
ukyp-başarnyklaryny aýan edip, ussatlyklaryny görkezdiler. Netijede, emin
agzalarynyň adalatly baha bermeginde ýeňijiler öňe saýlandy.
Toparlaýyn hasap
boýunça Mary şäheriniň türgenleri 1-nji, Ýolöten etrabynyň türgenleri 2-nji,
Garagum etrabynyň türgenleri 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Ýeňiji bolan türgenlere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Taýýarlan: Myrat Mollaýew Mary şäheriniñ N2 sport mekdebiniñ direktory .