,,Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga bagyşlanyp Mary welaýatynyň Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçilik bölüminiň hem-de Baýramaly şäherindäki maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çäräniň dowamynda köçe ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek bilen baglanşykly birnäçe gyzykly gürrüňler edildi. Şeýle hem bu ýerde talyp ýaşlara ýol-herekediniň kadalaryny berjaý etmek hem-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda alnyp barylýan işler barada giňişleýin düşündirildi. Bu ýerde çykyş edenler ýaşlar bilen bagly kada-kanunlar barda-da durup geçdiler hem-de ýaşlaryň Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşup, ilhalar, zähmetsöýer, öz işine ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerini öwran-öwran nygtadylar.
Altynaý Seýiberdiýewa.








