Keseli anyklamakda, bejermekde, näsaga gözegçilik edilende deontologiýanyň esaslaryny durmuşa geçirmekde esasy orun lukmanlaryň paýyna düşýär. Orta saglygy goraýyş işgäri lukmanyň hemme görkezmelerini anyk, takyk we wagtynda ýerine ýetirmelidir. Ýerine ýetirýän işiňe ýüregiň bilen ýapyşyp, näsagyň ýagdaýyny ýeňilleşdirmäge çalyşmaly. Munuň üçin bolsa şepagat uýasy elmydama öz bilimini we hünär derejesini artdyrmalydyr.
Biziň lukmançylyk orta okuw mekdebimizde okadylýan her bir sapakda talyplarda hünäre söýgi, ýerine ýetirýän işine jogapkärçilik, näsaglara bolan hoşniýetli garaýyş häsiýetleri terbiýelenýär. Şepagat uýasynyň işi diňe bir uly fiziki agramsalma bolman, eýsem, ýokary emosional dartgynlyk bilen hem baglanyşyklydyr. Sebäbi, näsag adamlar gaharjaň, talapkär, öýkelek bolýarlar. Näsagyň ugruny çalt tapmak örän wajyp bolup durýar. Şepagat uýasynyň we näsagyň arasyndaky gatnaşyk näsag üçin edilýän aladadan, berilýän ünsden, mähirli ýylgyryşdan, mylaýym ýüzlenmeden, göwne degmeýän hereketlerden ybaratdyr.
Magtymguly atamyz aýtmyşlaýyn: “Lukman bolup hassa halyn sorasaň, dert ýeňlemez, derman sözüň bolmasa”. Lukman näsagyň ynjyk we ejiz adamdygyny ýatdan çykarmaly däldir. Şol sebäpli lukman bilen näsagyň, ylaýta-da, olaryň ilkinji duşuşygynda dörän aragatnaşyk aýratyn ähmiýetli bolýar. Lukmanyň gödek, oňaýsyz hereketleri, onuň ýerliksiz aýdan sözi, ýüz-gözüniň yzgytsyz yşaratlary näsagy agyr ýagdaýa düşürmegi ahmal. Meşhur rus psihiatry, professor W. M. Behterewiň: “Eger lukman bilen näsagyň özara söhbetdeşliginden soň näsagyň ýagdaýy gowulaşmasa, ondan lukman bolmaz” diýen parasatly sözleri şu gün hem öz güýjünde galýar.
Lukman bilen şepagat uýasy bilelikde näsagda keselden çalt gutuljakdygyna, dogry bejerilýändigine we wagtynda kömek beriljekdigine ynam döretmeli. Şepagat uýasy näsagy sabyrly diňlemegi başarmaly, duýgudaşlyk bildirmeli, sebäbi, sözüň täsiri kähalatlarda derman serişdesiniň täsirinden hem güýçli bolýar.
Bejeriş edaralaryndaky sagdyn psihologik atmosfera saglygy goraýyş işgärleriniň özara dost-doganlyk gatnaşyklaryndan, işiň dogry gurnalyşyndan ybaratdyr. Bu bolsa, näsaglara oňaýly täsir edip, ýokary hilli bejergi almaklaryna ýardam berýär.
Täjigözel AKMYRADOWA.








