Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da döwlet Baştutanymyzyň körpe nesil hakda tagallalaryndan gözbaşly tutumly işleriň bady barha artýar. Döwrebap çagalar baglarynda körpeleriň talabalaýyk terbiýelenmekleri we wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli amatlyklar döredilýär. Terbiýeçileriň ýadawsyz aladalary bilen oglanjyklardyr gyzjagazlaryň döwletli döwranymyzyň mynasyp ýaşlary bolup ýetişmekleri üpjün edilýär.
Çagalar bagymyzda körpeleriň onlarçasy terbiýelenip, olar uly alada, mähir bilen gurşalýar. Bu işiň jogapkärçiligi ýeterlik. Ýöne, başga bir hakykat işimize yhlasly çemeleşmäge ruhlandyrýar. Ol bolsa, geljekki ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, zähmetsöýer, halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň şu günki zähmetimizden gözbaş alýanlygyndadyr. Şonuň üçinem şu günki oglanjyklara we gyzjagazlara berýän talaba laýyk terbiýämiz ertirlerimiziňem has-da abadan bolmagynyň binýadyny berkden tutýar. Şu wajyp wezipä kemsiz düşünip, biz körpelere terbiýe bermekde gujur-gaýratly zähmet çekýäris. Türkmen halk ertekilerini aýdyp berip, olaryň gahrymanlarynyň üsti bilen çagalarda ylym-bilime höwesi, zähmetsöýerligi, ruhubelentligi döredýäris. Olaryň aýdym aýdyp, tans etmek ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge çalyşýarys.
Şeýle hem körpeleriň dürli oýunlar bilen wagtlaryny hoş geçirmeklerine uly üns berýäris. Dürli bäsleşiklerem çagalarda uly gyzyklanma döredýär. Biz geljekde-de körpe nesliň terbiýesine iňňän çynlakaý çemeleşip, möhüm meselede ähli tagallalary ederis.
Nabat JUMALYÝEWA.








